Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

30.03.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy martda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynda ileri tutulýan birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, tussaglykdaky 356 raýatyň günäsini geçip, olary azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmekden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Hökümet mejlisiniň barşynda soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen gutlady.

Soňra wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyny hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde üstünlikleri, gaznanyň ynsanperwer işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdi.

Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi jemledi.