Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

25.03.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.