Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

13.02.2024

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwili bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler. Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini gürrüň berdi hem-de hanym M.Gonaşwilini bu şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.

Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym M.Gonaşwili bu işleriň gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer dialogyň, dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.