Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi

10.02.2024

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýew, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýew bellenilip, ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün --- 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.