Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Filippinler Respublikasyna diplomatik wezipä bellenildi

30.01.2024

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow şol bir wagtda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellenildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.