Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen ilçisi Kataryň bilim, ýokary bilim we terbiýeçilik ministri bilen duşuşdy

30.01.2024

Şu gün Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň bilim, ýokary bilim we terbiýeçilik ministri Buseýn bin Ali Al-Nuaýmin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmeb baradky Çarçuwaly Ylalaşygynyň çäginde özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek barada pikir alşyldy.