Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine ilatyň göçürilişindäki säwlikler üçin şäher häkimine nägilelik bildirdi

21.01.2024

Şu gün — 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna saparynyň çäklerinde, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerden yza galýandygyny belläp, D.Orazowyň bu ugurda alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna, işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şähere ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýluşy barada hasabat berdi. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu işde säwliklere ýol berilýändigi üçin häkimiň işine nägilelik bildirdi.

Ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilişi bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek we Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.