Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen ilçisi Daşkentdäki Merkezi Aziýa halkara institutynda duşuşyk geçirdi

18.01.2024

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ýerleşýän Merkezi Aziýa halkara institutynyň (IICA) direktory Jawlon Wahabow bilen duşuşdy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyga we çuňňur strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, iki ýurduň hünärmenleriniň we seljeriş toparlarynyň özara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutmak bilen ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygynyň umumy taryhyň, medeni meňzeşligiň we etnik ýakynlygyň esasynda berk binýada eýedigi bellenildi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdary yzygiderli artýar. 2023-nji ýylyň 11-nji aýynda özara söwdanyň mukdary 970,1 million amerikan dollara deň boldy. Daşkentde we Aşgabatda söwda öýleri açyldy we «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Taraplar ylmy hyzmatdaşlygy we bilermenleriň alyş-çalşyny giňeltmek maksady bilen özbek, türkmen we halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe maslahatlary we «tegelek stol» söhbetdeşliklerini geçirmek barada ylalaşdylar.