Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Daşary işler ministriniň orunbasary Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşdy

18.01.2024

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy.

12-nji ýanwarda bolan duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, çuňlaşdyrylmagyna itergi berjek iň ýokary we ýokary derejeli saparlary öz içine almak bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň DIM-i habar berdi.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň möhüm orny barada belläp, toparyň nobatdaky altynjy duşuşygyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdylar. Şeýle hem ozal gazanylan şertnamalaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

Şunuň bilen birlikde, energiýa, ulag we logistika pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ugurda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.