Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

18.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, döwlet Baştutany şu şanly günde Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Awstriýa Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.