Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Döwlet serhet gullugynyň başlygyna general-maýor harby ady dakyldy

17.01.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, polkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewe general-maýor harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.