Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygyna käýinç berildi

13.01.2024

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadyp, Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen ýol gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy Ýolamanow Serdargeldi Gurbangeldiýewiçe käýinç yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün -- 13-nji ýanwarda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.