Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimine käýinç yglan edildi

13.01.2024

Etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de ýol abatlaýyş işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi Gyşykow Agageldi Meretdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün -- 13-nji ýanwarda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.