Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Täjigistanda Serdar Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

14.01.2024

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

12-nji ýanwarda bolan bu çärä «Täjigistan — Türkmenistan» dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we talyplar gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň diňe ösüp gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.

Şeýle hem duşuşykda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belläp, onuň tutuş dünýä medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.