Şu gün Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Rahmatulla Nurimbetow bilen türkmen ilçisi Şadurdy Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşiklerde iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda we maýa goýumlary, ulag-logistika, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy, häzirki ýagdaýy, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläkde ilerletmek dogrusynda pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda parlamentara we sebitara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň dowamynda dürli derejede meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň tertibi we olaryň guramaçylyk ýagdaýy boýunça hem maglumatlar alşyldy.