Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabatda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat hem-de döwlet we Hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki sammit geçiriler

06.01.2024

Şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, maý aýynda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we Hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki sammiti geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bilen bagly iri halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

— Bu çäreler beýik şahyryň şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir — diýip, döwlet Baştutany nygtady.