Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda bolan terrorçylykly herekete gynanç bildirdi

05.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we goňşy ýurduň doganlyk halkyna Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda partlama zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.