Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen resmi däl duşuşyk geçirer

21.04.2025

21-22-nji aprelde Türküstan şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda resmi däl duşuşyk geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.