Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkantda saparda bolar

23.04.2025

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 23-24-nji aprelde Samarkantda saparda bolar.

Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan gepleşikler geçiriler. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Mundan başga-da, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşylar.