Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedowa milli gyrgyz ak öýi we bedew sowgat berildi

24.04.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadaga hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi. Bu barada TDH habar berdi.