Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistan Katar bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk eder

24.04.2025

Şu gün Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de tejribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.