Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

31.07.2025

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar.

Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.