Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobakhidzäni kabul etdi.
Gruziýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, söwda we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan bilelikdäki tagallalaryň hem-de şu günki BMG-niň Awaza forumynyň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini Gruziýa sapar bilen çagyrdy.