Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistan 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi

24.09.2025

Türkmenistan 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutany degişli ýurtlara Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platforma öwrüljek Hazar ekologiýa başlangyjynyň öňe sürüljekdigini aýtdy.