Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

BMGÖM we ÝB Stambulda döwlet dolandyryşynda emeli aňy ulanmak boýunça seminar geçirdi

21.05.2026

19–21-nji maý aralygynda Stambul şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda (LLDC) emeli aňy ulanmak we sanly özgertmeleri ilerletmek meselelerine bagyşlanan üç günlük halkara okuw-seminary geçirildi. Çäre Istanbul Marriott Hotel Sisli myhmanhanasynyň Europe Meeting Room zalynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda guraldy. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň wekilleri hem boldy.

Okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklaryň utgaşdyrylan görnüşinde geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar garyşyk toparlara birleşdirilip, öz ýurtlarynda döwlet dolandyryşy we sanly ulgam bilen bagly häzirki zaman meseleleri üçin emeli aň gurallarynyň kömegi bilen dürli çözgütleri taýýarladylar.

Seminaryň dowamynda gatnaşyjylar LLDC ýurtlarynyň häzirki ýagdaýy, Hereketleriň Awaza maksatnamasy, şeýle hem döwlet dolandyryşynda sanly özgertmeleriň bäş esasy ugry barada pikir alyşdylar. Şeýle-de aýratyn mejlislerde sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyna, maglumatlary dolandyrmaga we sanly özygtyýarlylyk meselelerine garaldy.

Çäräniň amaly bölegi döwlet ulgamynda emeli aňy ulanmak meselesine gönükdirildi. Toparlar emeli aňyň ilkinji görnüşlerini döretdiler, emeli aň bilen bagly adam hukuklary meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öz çözgütlerini tanyşdyrmak üçin strategik resminamalary taýýarladylar.

Soňky gün gatnaşyjylar öz taslamalaryny hödürlediler, geljekki ädimleri maslahatlaşdylar we okuwdan geçendigi barada şahadatnamalary aldylar.

Seminaryň soňunda BMGÖM-niň Stambul sebit merkeziniň «Inklýuziw ösüş” (Inclusive Growth) ugry boýunça sebit ýolbaşçysy Wesna Juteska-Bişewa okuwy jemlemek bilen, çykyş etdi.