Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine emeli aň bilen bagly täze ugurlar açylýar

13.07.2026

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Bakalawr maksatnamasy boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary taýýarlygyň ugry, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünäri täze açylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar.