Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabatda «C5+1» formatynda sanlylaşdyrma we emeli aň boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanan seminar geçirildi

17.09.2026

15-16-njy sentýabrda Aşgabatda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly möhüm meselelere bagyşlanan «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infrastrukturanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem möhüm maglumat infrastrukturasyny goramak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Aşgabatda «C5+1» formatynda sanlylaşdyrma we emeli aň boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanan seminar geçirildi

Emeli aňy ösdürmek, hemra aragatnaşygy we spektri dolandyrmak, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri döretmek we olaryň işini üpjün etmek, şeýle hem sanly tehnologiýalar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy we taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Aşgabatda «C5+1» formatynda sanlylaşdyrma we emeli aň boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlanan seminar geçirildi

Çärä gatnaşyjylar sanlylaşdyrma hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň howpsuz ösdürilmegi babatda geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.