01.08.2024
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynda sebitiň baý çig mal binýadynyň ösmegine mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Gurluşyk materiallaryny öndürýän içerki kärhanalaryň alyp barýan işleri, ýurduň ähli künjeklerinde bolup geçýän iri gurluşyk taslamalarynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Şeýle kärhanalaryň biri hem, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmäge mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir.
Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär. Önümçilige täze kuwwatly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.
Müdirlikde geçen ýyl gelip gowşan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen XCMG ZL50GN kysymly ýük göterijileriň 3-si netijeli işledilýär. Bu tehnikalaryň ýük göterijiligi 5 tonna, susgujynyň göwrümi bolsa 3 kub metre barabardyr. Kärhanada kuwwatly tehnikalara, döwrebap tehnologik ulgamlara hünärmenler we işçiler tarapyndan ussatlyk bilen erk edilýär hem-de netijeli işledilýär.
Ýylyň başyndan häzirki döwre çenli müdirlik tarapyndan magdan däl önümleriň 338 müň 503 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 102 göterime golaý ýerine ýetirildi. Bu bolsa kärhanada degişli döwür üçin ösüş depgininiň 105 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Şeýle hem şu ýylyňbirinji ýarymynda çagyl daşynyň, ýagny, daş owuntygynyň 105 müň 984 kub metri, ýuwlup baýlaşdyrylan çägäniň 160 müň 41 kub metri, but daşlarynyň bolsa 72 müň 478 kub metri öndürildi.
Kärhananyň taýýar önümleri sebitde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylýar. Bu bolsa müdirlikde taýýar önümleri ýerlemek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.
17.10.2025
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
28.03.2025
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler
12.03.2025
Türkmenistanda bitum emulsiýasyny öndürmek boýunça täze tehnologiýa patentleşdirildi
07.03.2025
«Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigi geçiriler
01.03.2025
Türkmenistan kiberhowpsuzlyk boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär
27.02.2025
Electronic service for import of radio-electronic equipment launched in Turkmenistan
26.02.2025
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar
24.02.2025
Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
23.02.2025
Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar
22.02.2025
Arkadag şäherinde «4G+» internet tehnologiýasy işe girizildi
01.02.2025
President of Turkmenistan approves digitalization of postal services through IPS system
10.01.2025
«Türkmentelekom» işewürlik we döwlet düzümleri üçin döwrebap hosting hyzmatlaryny hödürleýär
20.12.2024
Turkmenistan will host a Youth Robotic Technology Competition
19.12.2024
Arkadag şäherine täze halkara sylaglar gowşuryldy
19.12.2024
Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy boýunça halkara maslahat geçirildi
19.12.2024
A youth robotics competition will be held in Turkmenistan