Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Daşoguz pagta egiriji fabriginde geçen ýyl 60 million manada golaý iş edildi

20.01.2020

Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň kuwwatly düzüm bölegine öwrülen Daşoguz pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri geçen ýyly uly üstünlikler hem-de guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Bu ýerde geçen ýyl dünýä ýüzünde ýokary islegden peýdalanýan dürli möçberdäki «Ring» kysymly sap arassa ýüplügiň 6247 tonnasy öndürildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Fabrigikde önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ýylyň dowamynda 59 million 295 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Munuň özi kärhana boýunça jemi 117,8 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda fabrikde 500-den gowrak işçi zähmet çekýär. Olaryň aglaba bölegini ýaşlar düzýär.