Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» we «LS Cable & System» IKT ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

19.08.2023

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri we «LS Cable & System» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi boýunça onlaýn duşuşyk geçirdiler.

Seuldaky türkmen ilçihanasynyň habar berşi ýaly, gepleşikler maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda boldy. Onda sanly tehnologiýalara esaslanýan täze Arkadag şäherindäki taslamalara aýratyn üns berildi.

Belläp geçsek, «LS Cable & System» kompaniýasy dünýädäki iň uly kabel öndürijileriň biridir. Çeşmäniň bellemegine görä, kompaniýa ýokary woltly we aşa ýokary woltly durnukly aragatnaşyk liniýalaryny gurmak hem-de işe girizmek ýaly inženerçilik hyzmatlary bilen üpjün edýär.