Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler


30.11.2024

29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow ýurduň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Bellenilişi ýaly, munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurduň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn