04.12.2024
3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlise Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlemek bilen bagly meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklanyldy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy we Eýranyň YHG-da başlyklyk etmeginiň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda «YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş» we «Aşgabat hereketler ylalaşygy» ýaly konseptual resminamalaryň täze hakykatlara uýgunlaşmak üçin mäkäm meýdançany döredendigini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işlere anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýşy hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipleri hödürlenildi.
Hususan-da, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellendi. Önümçilik zynjyrlaryny döretmek; kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýerlikliligi beýan edildi. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwletara gatnaşyklarynyň konstruktiw nusgalaryny döretmek boýunça YHG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.
05.02.2025
Türkmenistanyň ilçisi «Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
05.02.2025
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ofis işgäri wezipesine boş iş ornuny yglan etdi
05.02.2025
Türkmenistanyň Etalon merkezi halkara akkreditasiýasyny giňeltdi
04.02.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçar gatnawlaryny marta çenli togtatmagyny uzaltdy
04.02.2025
Türkmenistan 3,5 müň tonna golaý özbek hurmasyny import etdi
04.02.2025
GDA-nyň Baş sekretary Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleri bilen duşuşdy
04.02.2025
2024-nji ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň eksporty ep-esli artdy
04.02.2025
Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşylmaga badalga berildi
04.02.2025
Türkmenistanyň we Özbegistanyň goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürleniler
04.02.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
04.02.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
04.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystana resmi sapar bilen bardy
03.02.2025
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär
03.02.2025
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen duşuşyk geçirildi
03.02.2025
RF-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada daşary ýurt raýatlaryna sim kartlaryny satmagyň täze düzgünleri barada habar berdi
03.02.2025
Eýranyň Türkmenistana eksporty 9 aýda 400 million dollardan geçdi
03.02.2025
Türkmenistanyň diplomaty Saarland federal ýerine iş saparyny amala aşyrdy
03.02.2025
«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
03.02.2025
Arkadag şäherinde täze tehnikalar işe başlady
01.02.2025
Türkmenistanda karbamid zawotlarynyň üçüsiniň işini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
01.02.2025
Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça işler ýazky möwsümde dowam etdiriler
01.02.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna
01.02.2025
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «Galkynyş» töleg ulgamy ornaşdyrylar
01.02.2025
President of Turkmenistan approves digitalization of postal services through IPS system
31.01.2025
Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhet geçelgesindäki halkara nokady täzeden işläp başlar
31.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
31.01.2025
Aşgabatda talyplara niýetlenen «Türkiye Bursları» talyp haklary maksatnamasy bilen tanyşdyryldy
30.01.2025
Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysynyň diplomatik gullugyň wekilleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy
30.01.2025
Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň wekilleri tejribe alyşmak maksady bilen Londonda saparda boldular
30.01.2025
ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy
30.01.2025
Türkmenistan we Monako diplomatiýa, medeniýet we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
30.01.2025
Türkmenistanly mugallym Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy
29.01.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
29.01.2025
Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
29.01.2025
2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Farap» gümrük nokady Türkmenistanyň iň gowy gümrükhanasy diýlip ykrar edildi
29.01.2025
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ykdysady işiniň ösüşi «Fitch Ratings» tarapyndan bahalandyryldy
29.01.2025
Türkmenistan we Gazagystan sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar
29.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
28.01.2025
Liwiýanyň ilçihanasy türkmenistanly telekeçileri Tripolide geçiriljek 51-nji halkara ýarmarkasyna çagyrýar
28.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
28.01.2025
2024-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandy
28.01.2025
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine Arkadag şäherinden öýler berildi
28.01.2025
Gyzylarbat pagta arassalaýjy kärhanasynda 3,2 müň tonna ýokary hilli pagta süýümi taýýarlanyldy
28.01.2025
Türkmenistan bilen Hindistan energetika we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
28.01.2025
Türkmen-ýapon DIM arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
27.01.2025
«Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Nýu-Ýork şäheriniň tomaşaçylaryna görkezildi
27.01.2025
«Türkmenistan» gazeti «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşik yglan etdi
27.01.2025
Birža söwdalarynda 18 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
27.01.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady
27.01.2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine