Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan «Bitaraplyk – durnukly ösüşiň özeni» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Ulag-kommunikasiýalar toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň Hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara giňişliginde ýaýmak, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyklary okgunly giňeltmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan döwletimize dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny ornaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn ünsi çekdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny gutladylar.