Daniýanyň paýtagty Kopengageniň golaýynda «Nordic Harvest» atly kompaniýa, Ýewropanyň iň uly dik meýdanlarynyň birinde gök önümleri ösdürip ýetişdirip başlady.
14 gatly binada diňe emeli yşyk bilen ösdürilip ýetişdiriljek gök önümler gün şöhlesini görmän öndüriler we bazara çykarylar. Munuň üçin doly awtomatlaşdyrylan binada gije-gündiziň dowamynda 20 müň LED çyrasy saklanar.
Şeýlelik bilen, ýylda jemi 15 gezek önüm almaklyk meýilleşdirilýär.
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde takmynan 200 tonna önümiň alynjakdygyny mälim eden «Nordic Harvest» kompaniýasynyň baş menejeri Anders Riemann, meýdan doly güýjünde işlän mahaly müň tonna önümiň ýygnaljakdygyny aýtdy.
Dik fermalara gönükdirilen iň uly tankytlaryň biri, elektrik energiýasynyň köp sarp edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, kompaniýa ýel energiýasyndan alnan elektrik togy bilen bu meseläniň çözgüdini tapdy. Daniýa elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň 40 göterimini ýel we gün ýaly ekologiýa taýdan arassa energiýadan üpjün edýär.
Şeýlelik bilen, «Nordic Harvest» şereketi diňe tebigy energiýa sarp edip, önüm öndürýär. Kompaniýa sarp ediş mukdaryny aýan etmeklikden saklanýandygyna garamazdan, resmi maglumatlarda önümçilik meýdanynyň ýel energiýasy bilen üpjün edilýän elektrik energiýasyndan başga energiýa sarp etmeýändigi görkezilýär.
Önümçilik meýdanyň başga bir aýratynlygy, pestisidler we insektisidler ýaly önümleri ulanmazlygydyr. Riemann: «Dik fermada ähli suwy, ýokumly maddalary ýa-da dökünleri gaýtadan ulanmak arkaly daşky gurşawa zyýan bermezlik aýratynlygy bar.» -diýdi. Fermanyň başga bir aýratynlygynyň, adaty meýdandan 250 esse az suw sarp etmegidir.
Ilki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, soňra bolsa Aziýanyň köp ýurtlarynda ýaýran «dik meýdanlar» soňky ýyllarda Ýewropada ýaýrap başlady. Daniýadaky ekin meýdanlary eýýäm sortlaşdyryldy. «Nordic Harvest» şereketiniň müşderileriniň atlary aýan edilmese-de, naharhana kompaniýalary, restoranlary we hatda supermarketleri hem öz içine alýar.