Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýewropa Bileleşigi sanly tehnologiýalarda öňdebaryjy bolmaklyk üçin 145 milliard ýewro bölüp berýär

08.12.2020

Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa we Ýewropa Bileleşigine girýän beýleki ýurtlar birleşip, ABŞ bilen Aziýadan öňdebaryjy bolmaklyk, hem-de Ýewropa Bileleşiginiň sanly ulgamda ýetjek sepgitleriniň bütindünýä jemgyýetçiliginde hökümrowan bolmaklygyny gazanmaklyk üçin internete birikdirilen enjamlara, prosessorlara we ýarymgeçirijili tehnologiýalara maýa goýmaklygy baş maksat edindiler.

440 milliard ýewro global ýarymgeçiriji bazaryndaky Ýewropanyň paýy takmynan 10 göterime barabardyr. Ýewropa Bileleşigi häzirki wagtda öz yklymyndan daşarda öndürilen prosessorlara ep-esli derejede garaşly bolup durýar.

Şol sebäplere görä-dä, Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň başynda bu ugurda maýa goýmaklyk üçin “Covid-19” ykdysady dikeldiş gaznasynyň bäşden birine deň bolan walýuta serişdesini –  145 milliard ýewrony sanly taslamalar üçin bölüp bermeklik barada ylalaşdy. Bu maksat bilen 13 ýurt Ýewropanyň elektron ulgamlarynyň gymmatlyklar zynjyryny goldamaklyk üçin bilelikde işlemeklik barada ylalaşdylar.

Ýewropa Bileleşigi bu ugurda Belgiýa, Horwatiýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Gresiýa, Italiýa, Malta, Gollandiýa, Portugaliýa we Sloweniýa ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk eder.  Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli 30 million  elektrik ulagynyň ýollarda bolmagyny üpjün etmekligi maksat edinýär. Ýewropa Bileleşiginiň benzinli ulaglardan daşlaşmagy maksat edinýän kärdeşler arkalaşygy bu ugura ep-esli goldaw we serişde bermekligi meýilleşdirýär.Taslama görä, Ýewropa Bileleşigi klimat maksatlaryna ýetmeklik üçin 2030-njy ýyla çenli azyndan 30 million ulagy elektrik ulaglary bilen çalşylmalydyr.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde  hasaba alnan 1.8 million elektrik, wodorod hem-de gibrid ulag bar. Mundan başga-da, tutuş yklymda bary-ýogy 200 müň zarýad beriş beketleri bar. 2030-njy ýyla çenli bu sany 3 milliona ýetirmeklik maksat edinilýär.