Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmen Radioda türkmen dilindäki aýdymlar elýeterli edildi

01.10.2022

iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen Türkmen Radio mobil goşundysyna diňe türkmen dilindäki aýdymlary diňlemek mümkinçiligi hem goşuldy. Indi bu bölüm arkaly meşhur ýerine ýetirijileriň birnäçesiniň aýdymlaryny diňläp bilersiňiz.

Bu mobil goşundynyň Türkmenistanyň radioýaýlymlarynyň ählisini diňlemäge mümkinçilik berýändigini ýatladýarys. Munuň üçin mobil telefonyň Internete birikdirilen bolmagy zerurdyr.