Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Instagram galp hasaplary birin-birin pozar

17.08.2020

Internetdäki iň meşhur sosial ulgamlaryň biri bolan Instagram galp hasaplara garşy çynlakaý göreşmekligi ýüregine düwdi. Şereketiň işgärleri galp hasaplar ýüze çykarylsa pozjakdygyny, ýöne galp hasaplara garşy göreşiň görnüşi ýaly aňsat däldigini aýtdy. Şonuň üçin-de galp hasaplardan dynmaklyk üçin, ulanyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar gerek bolar. 

Täzeliklere görä, hasaplaryň galpdygyna şübheli pikirler ýüze çykarylanda, ony anyklamaklyk üçin ulanyja öz şahsyýetnamasy bilen bagly soraglar iberiler. Anketany doldurýanlaryň hasaplary açyk bolar. Anketany doldurmaga howlukmaýanlaryň hasaplary derňemeklige gowşurylar. Munuň üçin ulanyja belli bir wagt berler. Möhleti gutaranda hasap öçüriler.