Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýene-de bir “Android” programma ulanyjylaryň ygtyýaryna berildi

17.08.2020

Piksel seriýaly telefonlardaky programmalaryň biri indi “Android” ulanyjylaryň ygtyýaryna berildi. Telefon üçin niýetlenen “Google” programmasynyň beta wersiýasy “Android” telefonlarynda işjeňdir.

Deslapky maglumata görä, programma öňürti “Samsung” we “OnePlus” markaly smartfonlara ýüklenilip bilner. Munuň üçin ilki bilen programmanyň beta wersiýasynda hasaba alynmaklyk zerurdyr. Soňra programmany “Play Store”-dan ýükläp alyp bilersiňiz.

Telefon üçin niýetlenen “Google” programmasyny beýleki programmalardan tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň biri süzmekdir (filtrlemedir). Bu aýratynlyk häzirki wagtda diňe ABŞ-daky “Pixel” markaly smartfon ulanyjylarynyň ygtyýaryna berildi. Programma henizem beta wersiýasynda bolansoň, gelýän we gidýän jaňlarda kynçylyklar bolup biler.