Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Noutbuklara isleg iki esseden hem artdy

17.08.2020

Şu ýylyň awgust aýynyň birinji hepdesinde noutbuklara, planşetlere we kompýuter komponentlerine gyzyklanma ep-esli artdy. Bu barada “Aliexpress” elektron söwda resursynyň metbugat gullugy habar berdi. Şeýlelik bilen, noutbuklara isleg şu ýylyň iýul aýynyň soňky hepdesi bilen deňeşdirilende 2,2 esse ýokarlandy. 

Iň meşhur kompýuterler 14 ýa-da 15,6 dýuým ekeran ululygyndaky modellerdir. Kompýuter elementleriniň, täze grafiki kartalaryň, prosessorlaryň we operatiw ýadyň satuwy 20 göterim ýokarlandy. Planşetlere isleg 43 göterim ýokarlandy. Ulanyjylar 10,1 we 8 dýuým ekeranly planşetler bilen has gyzyklandylar.  

Aliexpress” elektron söwda resursynyň metbugat gullugynyň hünärmenleri ykjam enjamlaryň meşhurlygynyň ýokarlanmagyny okuw ýylyna taýýarlyk döwri bilen düşündirýärler.