Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Harley Davidson” elektrik welosipedini tanyşdyrdy

28.10.2020

Kuwwatly motosiklleri öndürmegi bilen tanalýan “Harley Davidson” elektrik energiýasy bilen işleýän täze welosipedini tanyşdyrdy. “Serial 1” atly welosipediň çykaryljakdygy bir ýyl ozal mälim edilipdi. Kompaniýanyň elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriniň önümçiligini “Serial 1 Cycle” atly aýratyn şereket alyp barar. Täze welosipediň indiki ýylyň mart aýynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu at ýöne ýerden saýlanmandyr. Kompaniýanyň 1903-nji ýylda öndüren ilkinji motosikliniň ady “Serial Number One” eken. “Harley Davidson” geçen ýyl Milanda geçirilen EICMA Motosikl sergisinde elektrik energiýasy bilen işleýän üç sany nusgalyk welosipedini köpçülige görkezipdi. Brendden jogapkär Aaron Frank täze welosipediň örän ýönekeýdigini belledi.

Soňky ýyllarda welosipedlere bolan islegiň ýokarlanmagy BMW, “Audi”, “Jeep”, “Ford” ýaly öňdebaryjy awtoulag kompaniýalarynyň hem şeýle ulaglary öndürmegine sebäp boldy.