Germaniýanyň “Mercedes” kompaniýasy “Porsche” we “Tesla” kompaniýalarynyň ulaglary bilen bäsdeşlik edip biljek elektrokar öndürmegi maksat edinýär. Sport görnüşli elektrokar ýokary tizlikli bolar. Häzirki wagtda nemes brendi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän EQS seriýasyna degişli SUV ulaglaryny öndürýär. Şeýle hem “S-Class” modelleriniň hem gibrid we elektrik görnüşleriniň öndürilmegi maksat edinilýär. Ýakyn geljekde “Mercedes-AMG” superkarynyň hem gibrid görnüşi taýýar bolar. “Manager Magazin” žurnalyna beýanat beren “Daimler” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ola Kallenýus “Porsche” bilen “Plug-In Hibrit” bazaryna girjekdiklerini mälim etdi. Ýokary tizlikli kuwwatly elektroulaglary öz içine alýan bu bazarda häzirki wagtda “Porsche Taycan” öňe saýlanýar.
“Mercedes” elektrokarda bäsdeşligi artdyrýar
27.10.2020