Türkmentelekom Bot

Westminster uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana iş sapary


23.01.2025

2025-nji ýylyň 19-25-nji ýanwar aralygynda, Westminster uniwersitetiniň wekilleri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine iş sapary bilen geldiler.

Ýokary okuw mekdebine saparyň çäklerinde, Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň prorektory Endrýu Lin we Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professory Anastasiýa Bezborodowadan düzülen wekilýet Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary bilen duşuşuklary we okuw-sapaklary geçirdiler.

Okuw sapaklary XXI asyr pedagogikasy: tendensiýalar we meseleler, Metodiki taýdan täsirli hünärmen we Tehnologiki taýdan ösen tejribeçi ugurlary boýunça alnyp baryldy.

Hormatly myhmanlar ýanwar aýynyň 23-ne ýurdumyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen duşuşarlar we okuw sapagyny geçerler. Ýokary okuw mekdebinde okuw sapaklary Iňlis orta bilimi (EME) we CLIL pedagogikasy, EAP, ESP we EFL-de materiallaryň dizaýny, EME-de gözleg we Gözlegleriňizi akademiki makala öwürmek ýaly ugurlary öz içine alar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn