“Motorola” şereketi “Kiýew” atly býudjetli smartfon öndürýär. Bu enjam, bäşinji nesil aragatnaşygyny goldaýan beýleki arzan enjamlardan tapawutly bolar.
Habarlara görä, “Kiýew” smartfony täze “Snapdragon 690 5G” çipi bilen üpjün edilen bazardaky ilkinji telefonlardan biri bolar.
Enjam 6 Gb RAM we 128 Gb içerki ýat, Doly HD çözgüdi bolan OLED ekran hem-de HDR goldawy bilen üpjün edilendir. Smartfon şekiliniň täzeleniş tizligi 60 gerse barabardyr.