Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça işler ýazky möwsümde dowam etdiriler


01.02.2025

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda Türkmenistanda ylmy-barlag we rejeleýiş-dikeldiş işleri bahar paslynyň gelmegi bilen dowam etdiriler.

Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümetiň mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymy baý medeniýeti barada maglumatlary özünde jemleýän hem-de ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan ýadygärlikleri saklamak, çuňňur öwrenmek we dikeltmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony halkara talaplaryna laýyk getirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Şu ýylyň ýaz möwsüminde degişli ylmy-barlag we rejeleýiş-dikeldiş işlerini bahar paslynyň gelmegi bilen dowam etdirmek göz öňünde tutulýar – diýip, wise-premýer hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýurtda taryhy we medeni ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Döwlet baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýan arheologik tapyndylary halkara derejede giňden wagyz etmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn