Türkmentelekom Bot

Arkadag şäherinde täze tehnikalar işe başlady


03.02.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, 31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenip satyn alnan täze tehnikalar bilen tanyşdy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, tehnikalar Arkadag şäheriniň köçelerine çykyp, arassaçylyk işlerine girişdiler. Kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän sürüjiler olaryň hereketlendirijileriniň sazlaşykly işine, ýerine ýetirýän işiniň hil derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň esasynda enjamlaşdyrylan tehnikalaryň geçen ugurlarynyň tämizligi we işiň netijeliligi ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi «akylly» şäherde ähli ugurlar, şol sanda Jemagat hojalygy gullugy boýunça amala aşyrylýan işlere toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Şäheriň jemagat hojalygy gulluklaryna gelip gowşan täze tehnikalar hem bu ajaýyp künjekde arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga hyzmat eder.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn