Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň diplomaty Saarland federal ýerine iş saparyny amala aşyrdy


03.02.2025

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew Saarland federal ýerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi.

Saparyň çäklerinde Saarbrüken şäherinde Saarland federal ýeriniň Döwlet kanselýariýasynyň başlygy, Ýewropa meseleleri boýunça Döwlet sekretary Dewid Lindemann bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşmak bilen, taraplar sebitara gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellendi we Türkmenistan bilen Saarland ýeriniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlara seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli derejedäki ikitaraplaýyn saparlary guramagyň, şeýle hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, federal döwlet hökümetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan halkara çäreleriň ähmiýeti barada maglumat berildi.

Saparyň dowamynda konsul Saarland Söwda-senagat palatasynyň müdiriýetiniň agzasy Oliwer Şmitt we palatanyň daşary söwda bölüminiň başlygy Oliwer Groll bilen hem duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan Söwda-senagat edarasy bilen Saarland ýeriniň, şeýle hem iki tarapyň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk guramagyň möhümdigini nygtadylar. Saarlandyň kompaniýalarynyň

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli söwda hem-de ykdysady çärelere gatnaşmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika, maşyn gurluşygy, derman senagaty we ýokary tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Takmynan 50 müň kompaniýalary we hususy telekeçileri öz içine alýan Saarland ýeriniň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewür toparlary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga aýratyn gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, iş saparynyň çäginde konsul Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, «Jacob Pferdezucht GbR» atçylyk ýolbaşçysy Katarina Ýakob bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanda atçylyk sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen ahalteke bedewleriniň milli gününe bagyşlanan çäreler, şol sanda ahalteke atlarynyň daşary ýurtlarda, esasan hem Germaniýada geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagy barada pikir alyşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn