Türkmentelekom Bot

«Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambulyň üsti bilen Moskwa gatnawlar üçin ýörite teklibi ýola goýdy


06.02.2025

«Turkish Airlines» awiakompaniasy Aşgabat — Stambul — Moskwa gatnaw ugry boýunça ýörite nyrhnamasyny yglan etdi. Awiakompaniýanyň bu ugur boýunça hödürleýän awiapetekleriniň bahasy 307 dollardan başlanýar.

Bu ýörite teklip awiapetekleriň 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan öň sargyt edilen ýagdaýynda we 31-nji marta çenli amala aşyryljak uçuşlar üçin hereket edýär.

Bu teklibe gyzyklanma bildirýän ýolagçylar awiapetekleri we goşmaça maglumatlary «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi wekilliginden alyp bilerler. Wekilligiň ofisi şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Telefon belgileri: (+993 61) 01 44 33. Elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com.

Awiapetekleri şeýle hem awiakompaniýanyň turkishairlines.com resmi web saýtyndan sargyt edip bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn