Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň daşary işler ministri Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy


07.02.2025

6-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklary nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn