Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň wekiliýeti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Malaýziýa iş saparyny amala aşyrdy


07.02.2025

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 4-6-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat wekiliýet Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Bu saparyň esasy maksady – iki ýurduň telekeçilik we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň möçberini artdyrmakdan ybarat boldy.

Malaýziýanyň Halkara Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Malaýziýanyň Halkara Söwda-senagat edarasynyň we Malaýziýanyň Halal Ösüş Korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, syýahatçylygy ösdürmek bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna” taýýarlyk işleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara forumyň ýokary derejede guralmagy üçin möhüm ädimler ädildi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn