Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy


07.02.2025

2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar berşi ýaly, çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlar we intelligensiýa wekilleri gatnaşdy. Kitabyň tanyşdyrylyşynda çykyş edenler, bu eseriň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we medeni mirasyny beýan edýändigini, şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Çäre şeýle hem iki möhüm sene: 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolmagyna bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda ilçi Goçmyradow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurduň sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuny nygtady.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn